Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasy esasynda döredilen raýatlygy ýok etmek üçin Global bileleşige goşulýandygyny tassyklady-diýip, Türkmenistanyň Ženewadaky ilçihanasynyň web sahypasynda habar berildi.
Çeşmede bellenişine görä, bu ýazgyny 16-njy oktýabrda Ženewada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow guramanyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandine gowşurdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar raýatsyzlyk meseleleri çözmek boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Amanmuhammet Sazakow öz çykyşynda ýurtda raýatsyzlygy azaltmak maksady bilen uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Sentýabr aýynda 1 müňden gowrak adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigini nygtady. Şeýlelik bilen Türkmenistan dünýä boýunça raýatsyzlygy ýok etmegi maksat edinýän BMG-niň #IBelong kampaniýasynyň on ýyllyk maksatnamasy boýunça borçnamalaryny doly ýerine ýetirendigini belläp geçdi. Şunuň bilen birlikde Türkmenistan maksatnamany üstünlikli ýerine ýetiren ilkinji ýurtlaryň birine öwrüldi we ynsanperwerlik borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklady.
Guramanyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandi raýatsyzlygy ýok etmekde Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň tagallalaryna ýokary baha berdi we döwrüň iň möhüm ynsanperwer meselelerini çözmäge gönükdirilen global başlangyçlarda ýurduň öňdebaryjy ornuny belläp geçdi.