Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenfilm» «Gorkut ata» eposy esasynda film surata düşürýär

12:3615.10.2024
0
8647

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň täze kinotaslamalarynyň biri gadymy «Gorkut ata» eposynyň esasynda surata düşürilýän çeper filmdir.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň ýazmagyna görä, filmi surata düşürmek işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Onuň režissýory Myrat Orazowdyr.

Filmiň ssenarisi Däli Domrul baradaky boýa esaslanýar. Şeýle-de onda gadymy türkmen akyldary Gorkut atanyň hem keşbi janlandyrylýar.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi täze filmi «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalda ilkinji gezek görkezilişe çykarmagy maksat edinýär. Festiwal şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Türkmenistanda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň