Mali Respublikasyndaky güýçli sil joşgunlary sebäpli azyndan 77 adam heläk boldy, 148 adam şikes aldy. Bu barada «Malijet» portalyna salgylanýan «Report» habar berdi.
Habarda sil joşmalary netijesinde 264 648 ýaşaýjyly 48 müňe golaý öýüň harap bolandygy, adamlaryň 77-siniň pida bolandygy bellenýär.
Maliniň geçiş döwrüniň Premýer-ministri Çogel Kokalla Maiganyň sözlerine görä, köpsanly ýaşaýyş öýleri, mekdepler we infrastruktura binalary ýykyldy.
Şu ýyl Günbatar we Merkezi Afrikany gurşap alan sil joşmalarynda 4 million adam ejir çekdi. Tebigy heläkçilik esasan hem Nigeriýa, Çad, Mali, Gwineýa, Niger, Kamerun, Gana we Liberiýa ýaly ýurtlarda uly ýitgilere getirdi.
Hünärmenler ýykyp-ýumrujy sil joşmalarynyň sebäbini ählumumy howa üýtgeşmeleri bilen baglaýarlar.