Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň şu raýatlaryny «Arkadag» medaly bilen sylaglamak baradaky Permana, şeýle-de olary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik (kümüş) nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Karara gol çekdi.
10-njy oktýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bu sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.
Sylaglara mynasyp bolan raýatlar şulardan ybarat:
Türkmenistanyň eks-Prezidentiniň iş dolandyryjysy Ýusupguly Aýlyýewiç Orazow;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň buhgalteriýasynyň baş hasapçysy Ýelena Aleksandrowna Çernowa;
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň müdiriniň orunbasary Maýagözel Sapardurdyýewna Hojamberdiýewa;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Ýusup Hojadurdyýewiç Işangulyýew;
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory Maýa Hommadowna Öküzowa;
Mary welaýatynyň Gurbanguly hajy dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Amangeldi Agajanowiç Myradow.
TDH-nyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutany bu raýatlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň berjaý edilmeginde, durmuş çygryny, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş edaralarynyň işini ösdürmekde, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermekde, hemaýata mätäç çagalara hem-de ýaşlara maliýe we maddy kömegini guramak, maslahatlary, usuly taýdan kömek bermek işine uly goşant goşandygyny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Arkadag» medaly we «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik (kümüş) nyşany bilen sylaglady.