Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Gazagystan ýokary derejedäki strategik hyzmatdaşlygy berkidýär

18:1810.10.2024
0
5154
Türkmenistan we Gazagystan ýokary derejedäki strategik hyzmatdaşlygy berkidýär
Surat: akorda.kz

Şu gün Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda dostlukly ýurduň Lideri motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Oguz han köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi “Rowaç” zalyna çagyrdy. Bu ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gazagystanly kärdeşine Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu duşuşyk iki ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň şu ýylda eýýäm bäşinji duşuşygydyr. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigine, bu gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplyk daşary syýasy ugruna berk we üýtgewsiz goldaw berýändigi, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde türkmen tarapynyň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlaryna, garaýyşlaryna we tekliplerine ýardam berýändigi üçin, Gazagystana minnetdarlyk bildirdi.

Şonuň bilen bir wagtda, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak, häzirki zaman tehnologik ösüş üçin şertleri döretmek, şeýle hem medeni gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň ykdysady we serişde mümkinçiliklerini ulanmak üçin uly tagallalar edilýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Gazagystan bilen dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegi pugta maksat edinýändigini, syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýardygyny nygtap, şu gün geçiriljek gepleşikleriň türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabada gelmäge çakylygy we m ähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, Gazagystan üçin Türkmenistanyň örän ýakyn ýurtdugyny we strategik hyzmatdaşdygyny nygtady. Gazagystanyň Lideri şeýle hem ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň möhümdigini belledi. Bu duşyşyklar köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Gazagystan energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Şunda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy hyzmatlary aýratyn bellenildi.

Ynanyşmak we netijelilik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we geljegi uly meýilnamalar bilen baglylykda türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary barada aýdylanda, iki tarapyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak üçin şertleriň köpdügi bellenildi. Türkmenistan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi we giňeltmegi zerur hasaplaýar. Biziň umumy işimizde eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy bolan «Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý» gaz geçirijisini bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gazagystanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdelerini ibermegi we üstaşyr geçirmegi düýpli artdyrmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Ulag we logistika ulgamlary hem hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydyr. Biz Gündogar–Günbatar hem-de Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini emele getirmekde Türkmenistan bilen Gazagystanyň giň mümkinçilikleriniň bardygyndan ugur alýarys. Merkezi Aziýanyň çäklerinden esasy transkontinental geçirijileri çekmegiň zerurdygy baradaky başlangyç bilen doly ylalaşýarys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Biziň ýurtlarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk edip biljek beýleki ugurlaryň arasynda agrosenagat toplumyny, himiýa senagatyny, maşyngurluşygyny, dokma önümçiligini we birnäçe beýleki pudaklary görkezip bileris diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-gazagystan serhetýaka söwdasynyň zolaklaryny döretmegiň hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde, şol sanda oba hojalyk we durmuş tehnikalaryny, azyk harytlaryny, gurluşyk serişdelerini, şonuň ýaly-da nebit himiýasynyň önümlerini özara ibermegi giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin iki döwletiň mundan beýläk hem ähli zerur tagallalary etjekdigini tassyklandygyny belledi. Muny gol çekmek üçin taýýarlanan resminamalaryň toplumy hem tassyklaýar. Döwlet Baştutany netijeli iş alyp barandygy, strategik hyzmatdaşlyk meselelerini gyzyklanma bilen jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy üçin, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekmek dabarasyndan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlendiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň