Turkmenportal logo
10.10.24
67576757
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kabardin-Balkariýanyň ýaşaýjysy dünýäniň 14 sany iň beýik dag belentligine çykdy
Kabardin-Balkariýanyň ýaşaýjysy dünýäniň 14 sany iň beýik dag belentligine çykdySurat: mir24.tv

Russiýaly zenan taryhda ilkinji gezek dünýäde bar bolan, beýikligi sekiz müň metrden geçýän belentliklere çykmagy başardy, ol Kabardin-Balkariýanyň ýaşaýjysy Alina Pekowa diýip, «MIR 24» habar berdi.


9-njy oktýabrda Alina 29 adamdan ybarat daga münüjileriň hatarynda beýikligi 8027 metr bolan Şişabangma dagyna mündi.


Pekowa Eweresti, Annapurnany, Lhoszeni, Kançenjanguny, Makaluny, Nangaparty, Broud-Piki, Çogorini (2), Gaşerbrum-I we Gaşarbrum-II-ni, Manasluny, Dhaulagirini, Ço-Oýýuny we Şişabangmuny boýun egdirdi diýlip, habarda aýdylýar.