2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Azerbaýjana syýahat eden Türkmenistanyň raýatlarynyň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden 30 göterim köpeldi. Bu barada Azerbaýjanyň Syýahatçylyk boýunça döwlet agentliginiň maglumatyna esaslanyp, «Trend» ýazýar.
Hasabat döwründe 24 müň 66 sany türkmenistanly jahankeşde Azerbaýjana barypdyr. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 18 müň 494-e deň bolupdy.