Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Hekem» kärhanalar topary IT kompaniýasy üçin intellektual eýeçiligiň toplumlaýyn bahalandyrmasyny tamamlady

12:3409.10.2024
0
14153

«Hekem» kärhanalar topary ýaňy-ýakynda IT-audite, web saýtlary we mobil goşundylary işläp düzmäge ýöriteleşen «Joşgunly Nesil» hojalyk jemgyýeti üçin intellektual eýeçiligi bahalandyrmak boýunça möhüm taslamany tamamlady. «Joşgunly Nesil» dürli edaralaryňdyr guramalaryň IT infrastrukturasynyň howpsuzlygyny we netijeliligini üpjün etmekdäki goşantlary bilen tanalýar. Bahalandyrmagyň esasy obýekti bolup IT ulgamlaryň funksionirlenmeginde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän programma üpjünçiligi boldy.

IT pudagynda intellektual eýeçilige, aýratyn-da, programma üpjünçiligine baha bermek, tehniki taraplara, şeýle-de kanunçylyk aýratynlyklaryna çuňňur düşünmegi talap edýär. Bu babatda «Hekem» kärhanalar toparynyň öňünde «Joşgunly Nesil» HJ tarapyndan olaryň professional işleriniň bir bölegi hökmünde işlenip düzülen we ulanylýan programma üpjünçiliginiň bahasyny kesgitlemek wezipesi kesgitlenildi. Bu programma üpjünçiliginiň bazar bahasyna, özboluşly häsiýetnamasyna we işewürlik üçin uzak möhletleýin bahasyna baha bermegi öz içine alýardy.

Bahalandyrmak işinde «Hekemiň» hünärmenleri şu aşakdaky esasy şertleri göz öňünde tutdular:

1. Tehnologiki häsiýetli aýratynlyklary: programma üpjünçiliginiň funksional mümkinçilikleri we häzirki zaman bazar talaplaryna laýyklygy seljerildi.

2. Innowasion gymmaty: Programma üpjünçiliginiň bazardaky bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek üçin özboluşly funksiýalaryna aýratyn üns berildi.

3. Ýuridik goraglylyk we awtorlyk hukugy: Bahalandyrma programma üpjünçiliginiň hukuk goraglylygyny, şol sanda patentler, awtorlyk hukuklary, ygtyýarnama şertnamalary we beýleki kanuny aspektler ýaly kanuny goragyň seljermelerini öz içine aldy.

4. Bazar potensialy: hünärmenler programma üpjünçiligini mundan beýläk-de täjirleşdirmegiň geljegine, oňa bazarda bolan islege we beýleki iş segmentlerinde ygtyýarnamalaşdyrmak ýa-da ulanmak mümkinçiligine baha berdiler.

«Hekemiň» işi «Joşgunly Nesil» HJ-niň programma üpjünçiligi üçin takyk bahany kesgitlemekde oňyn netije berdi. Bu bahalandyrma müşderä diňe bir esasy aktiwiniň hakyky bahasyny kesgitlemäge däl, eýsem, intellektual eýeçiligi mundan beýläk-de dolandyrmak üçin strategiýalary düzmäge mümkinçilik berdi.

«Hekem» kärhanalar toparynyň hünärmenleri intellektual eýeçilige baha bermegiň, esasan-da IT pudagynda bahalandyrmagyň toplumlaýyn çemeleşmegi talap edýändigini nygtaýarlar. «Hekem» ýerine ýetiren işleriniň müşderiniň kompaniýasynyň ösüşine möhüm goşant goşandygyna, intellektual baýlyklara dogry baha bermäge we netijeli peýdalanmagyna ýardam edendigine hoşaldygyny mälim edýär.

«Hekemiň» baha berijileriniň professionalizmi degişli diplomlar we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berilýän hökmany şahadatnama bilen tassyklanylýar.

Maslahat almak we «Hekem» bilen şertnama baglaşmak üçin şu aşakdaky salgylara ýüz tutup bilersiňiz:

  • 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 98-nji jaý;
  • Andalyp köçesi (ozalky Mir köçesi), «Söwda we işewurlik merkezi» binasy.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 12) 47 81 15, (+993 62) 00 70 70;
  • web saýty: www.hekem.com.tm;
  • elektron poçtasynyň salgysy: hekem.info@gmail.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň