Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra gününiň çärelerine gatnaşdy

16:1706.10.2024
0
10929
Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra gününiň çärelerine gatnaşdy
Surat: tdh.gov.tm

6 — Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH ýazýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy toplumyň öňündäki meýdança gelýär. Döwlet Baştutany Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen ýodadan ýöräp geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler, gurban bolan Watan goragçylary baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn “Keçpelek” sazy ýaňlanýar.

Soňra hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýdy. Soňra döwlet Baştutany faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de ata Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde wepat bolan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy.

Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gül desselerini goýdular. Ýurduň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olaryň göreldesine eýerdiler.

Çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýle çäreler paýtagtda bolşy ýaly, Arkadag şäherinde, ýurduň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň