Turkmenportal logo
05.10.24
79927992
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kremlde Putiniň doglan gününi nähili geçirjekdigini gürrüň berdiler
Surat: gazeta.ru

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin öz doglan gününde – 7-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen duşuşyk geçirer. Bu barada döwlet ýolbaşçysynyň metbugat kätibi Dmitriý Peskow metbugat-birifinginiň dowamynda gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.


«Onuň günüň birinji ýarymynda ýapyk iş duşuşyklary bolar. Agşam GDA-nyň döwletleriniň baştutanlary Prezidentiňkide bolarlar. Biz goşmaça habar bereris» diýip, Kremliň wekili aýtdy.


Peskow şeýle-de rus lideriniň doglan gününde «aýratyn bir baýramçylyk dabarasy bolmaz» diýip, sözüniň üstüne goşdy.