2-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Toşiaki Endonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň barşynda parlamentara gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada bellenildi. Bu babatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň dostluk toparlarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilmegi işjeň parlamentara gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar.
Özara gepleşiklerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyny geçirmek başlangyjynyň möhümligi bellendi.
Şeýle hem taraplar duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, parlamentara, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda uly ähmiýete eýe özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler diýip, çeşmede bellenilýär.
Ýeri gelende ýatlatsak, Toşiaki Endo 15-nji maýda Ýaponiýanyň wekiliýetiniň düzüminde Aşgabada gelipdi. Saparyň dowamynda ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.