Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaşulularyň halkara güni bilen gutlady

10:0801.10.2024
0
8680

Şu gün Türkmenistanda Ýaşulularyň halkara güni bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

"Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!

Eziz watandaşlar!

Sizi ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramçylygyň göwün galkyndyryjy dabaralarynyň il sylagly ýaşulularymyzy, mähriban enelerimizi, ähli watandaşlarymyzy Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen belent maksatlarymyzyň töwereginde mäkäm jebisleşdirjekdigine, eziz Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan möhüm sene hökmünde yglan edilen bu halkara baýram mynasybetli ýurdumyzyň çar künjegi, obadyr şäherleri aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary bilen gurşalýar. Parasatly öwütleri, dana nesihatlary, gymmatly maslahatlary bilen agzybirligimizi pugtalandyrýan hem-de nesil terbiýesine saldamly goşant goşýan ýaşulularymyza, mähriban enelerimize çäksiz hormatyň nyşany hökmünde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baý many-mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. Munuň özi biziň geçmişimizi, şu günümizi hem-de geljegimizi pugta baglanyşdyrýan ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerimize üýtgewsiz ygrarlydygymyzy tassyklaýar.

Eziz watandaşlar!

Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamyň abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek biziň alyp barýan syýasatymyzyň esasyny düzýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen oýlanyşykly ýörelgesi, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarymyz esasynda bu gün zähmetsöýer, gujur-gaýratly halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwlet hökmünde dünýädäki ornunyň has-da pugtalandyrylmagy üçin biri-biri bilen berk baglanyşykly milli maksatnamalarymyzy, giň gerimli özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrýarys, täze şäherleri, etraplary, döwrebap obadyr şäherçeleri, iri senagat kärhanalaryny gurýarys, milli ykdysadyýetimiziň binýatlaryny yzygiderli pugtalandyrýarys.

Gadyrly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işlerimiziň üstünlikli amala aşyrylmagynda, agzybirligimiziň we jebisligimiziň has-da pugtalandyrylmagynda baý zähmet hem-de durmuş tejribesi bolan ýaşuly nesliň beýik maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan dana pikirlerine, paýhasly maslahatlaryna aýratyn ähmiýet berýäris. Siziň her bir maşgalada asudalygy we agzybirligi üpjün etmekde, giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmelerimizi amala aşyrmakda alyp barýan işleriňiz, maslahatlaryňyz, goldawlaryňyz, öwüt-ündewleriňiz örän möhümdir. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan bu ajaýyp ýörelgeler nesilleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýän, halkymyzy jebisleşdirýän, döredijilikli, beýik işlere ruhlandyrýan nusgalyk durmuş mekdebidir.

Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularymyzyň döwletli maslahatlarydyr teklipleri esasynda ýurdumyzy we jemgyýetimizi ösdürmek boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterjek bagtyýar ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyzyň, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde, olarda dostluk, birek-birege hormat goýmak, arassa ahlaklylyk, halallyk, edermenlik, zähmetsöýerlik ýaly iň asylly häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn hyzmatlary bitirýän, durmuşda ýagşy görelde görkezýän dilleri senaly ýaşuly nesliň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakdyk, «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan enelerimize dabaraly ýagdaýda sylaglary gowşurdyk. Munuň özi barha ösýän we özgerýän jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, olaryň ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna berilýän ýokary bahadyr.

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!

Eziz watandaşlar!

Sizi Ýaşulularyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, berkarar Watanymyzda abadan we bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, uzak ýyllar ömür sürmegi arzuw edýärin".

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň