Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa ýurtlary, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça täze sebitleýin wekili Oliwer Stolpe bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, gullugyň başlygy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna baha berdi. «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» Maksatnamasynyň çäginde alnyp barylýan işler, aýratyn-da gümrük işgärleriň halkara tejribesini we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça edilýän işler bellenildi.
Oliwer Stolpe duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin sagbolsun aýdyp, şu ýylyň 11-12-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» Maksatnamasynyň çäginde gümrük gulluklaryň ýolbaşçylarynyň 9-njy duşuşygyny guramakda we üstünlikli geçirilmeginde ýardamy üçin Türkmenistanyň Hökümetine we Döwlet gümrük gullugyna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalar boldy diýlip, habarda bellenilýär.