Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2024: «Arkadag» toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik

11:3318.08.2024
0
7042

17-nji awgustda "Arkadag" we "Şagadam" toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 19-njy tapgyrynyň duşuşygy geçirildi. Aşgabatdaky "Nusaý" stadionynda geçen duşuşyk "Arkadag" futbol toparynyň 5:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Tapgyryň "Nebitçi" bilen "Köpetdagyň" arasynda geçen beýleki bir duşuşygynda 1:1 hasabyndaky deňlik hasaba alyndy. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Tapgyrdaky "Altyn asyr" bilen "Merwiň" arasyndaky duşuşygyň "aragatnaşykçylaryň" AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin Hindistana gidendigi sebäpli, ätiýaçlykdaky günleriň birine geçirilendigini ýatladýarys.

Yzda galan 19-njy tapgyrdan soňra, 17 duşuşyk geçirip, şolaryň ählisinde-de ýeňiş gazanan "Arkadag" futbol topary 51 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Möwsümiň duşuşyklarynda garşydaş derwezelere 83 gol geçirip, öz derwezesinde bary-ýogy 9 gol gören "Arkadag" futbol topary ýaryş tertibindäki iň ýakyn garşydaşyndan 14 utuk ara açyp, eýýäm nobatdaky çempionlygyna ýakynlaşdy. "Ahal" toplan 37 utugy bilen "Altyn asyryň" 2-nji ornuna şärik boldy, ýöne "Ahalyň" "aragatnaşykçylardan" 1 oýny kän.

TÝL ― 2024. 19-njy tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:
17.08.2024 ý.

«Arkadag» ― «Şagadam» ― 5:1.

[0:1] – 23' Hydyrgeldi Atadjanow
[1:1] – 31' Didar Durdyýew (11m.j.u)
[2:1] – 45' Altymyrat Annadurdyýew
[3:1] – 60' Şanazar Tirkişow
[4:1] – 66' Arslanmyrat Amanow
[5:1] – 85' Mirza Beknazarow

«Nebitçi» ― «Köpetdag» ― 1:1.

[0:1] – 30' Jumamyrat Jumaýew

[1:1] – 52' Döwran Berdiýew

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň