Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alen Delon aradan çykdy

11:0818.08.2024
0
9077

Fransuz aktýory Alen Delon 88 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «AFP» habarlar gullugy rowaýaty artistiň çagalarynyň habaryna salgylanyp, habar berdi.

«Alan-Fabýen, Anyşka, Entoni, şeýle hem köpegi Lubo uly hasrat bilen öz kakalarynyň aradan çykandygyny habar berýärler. Ol özüniň Duşidäki öýünde, üç çagasynyň hem-de maşgalasynyň arasynda rahat gözüni ýumdy» diýlip, habarda aýdylýar.

Alen Delon dünýäde iň meşhur fransuzlaryň biridir. Aktýora «Rokko we onuň doganlary» (1960), «Samuraý» (1967), «Şäherdäki iki adam» (1973), «Ýagty güneşiň astynda» (1960) atly filmler uly meşhurlyk getirdi.1975-nji ýylda Delon «Zorro» diýen filmde baş keşbi döretdi, film öňki Sowet Soýuzynda iň köp tomaşa edilýän filmleriň biri boldy. Delon şeýle hem 1980-nji ýylda «Tähran-43» alty sowet filminde surata düşdi.

Alen Delon «Sezar» kino baýragynyň, Halkara Berlin kinofestiwalynyň hormat sylagynyň eýesidir. 2019-njy ýylda kinematografiýa sungatyna goşan goşandy üçin oňa Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasy» baýragyny gowşurdylar.

Delon diňe bir aktýor däl, eýsem, prodýuser we kino işewüridi. Ol hususy kinostudiýasyny döretdi we öz adyna atyrlaryň önümçiligini ýola goýdy.

Soňky ýyllar Delon saglygynyň ýaramazlaşmagy bilen baglylykda, köpçülikde seýrek göründi.

2017-nji ýylda Alen Delon kinodaky işini tamamlaýandygyny yglan etdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň