Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tailandyň Parlamenti Petongtarn Çinawaty Hökümet başlyklygyna saýlandy

11:4517.08.2024
0
8725
Tailandyň Parlamenti Petongtarn Çinawaty Hökümet başlyklygyna saýlandy
Surat: armenianreport.com

«Phya Thai» partiýasynyň lideri we Tailandyň öňki Hökümet başlygy Taksin Çinawatyň gyzy Petongtarn Çinawat ýurduň täze Premýer-ministri wezipesine saýlandy. Bu barada «Bangkok Post» neşirine salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.

37 ýaşly Çinawat Tailandyň täze taryhynda iň ýaş hökümet başlygy boldy. Onuň üçin Parlamentiň deputatlarynyň 319-sy ses berdi, 145 deputat garşy çykdy we 27 deputat saklandy.

Geçen çarşenbede Tailandyň Konstitusion kazyýeti Premýer-ministr Setthu Thawisini wezipesinden boşatdy we täze Hökümet başlygyny saýlamak kararyna geldi.

Petongtarn Çinawat öz maşgalasyndan premýer-ministr wezipesinde üçünji adam bolar. Onuň kakasy Taksin Çinawat bu wezipäni 2001-2006-njy we daýzasy Ýinglak 2011-2014-nji ýyllarda eýelediler.

Täze Hökümet başlygy 1986-njy ýylyň 21-nji awgustynda doguldy. Ol öz watanyndaky Çulalongkorn uniwersitetinde syýasatşynaslygy, sosiologiýany we antropologiýany öwrendi. Angliýadaky Surreýiň uniwersitetinde halkara myhmanhana menejmentligi ugrundan bilim aldy. Ol «SC Asset Corporation» kompaniýasynyň iri paýnamaçylarynyň biridir. Petongtarn Çinawatyň iki çagasy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň