Top.Mail.Ru

«Nokianyň» janköýeri Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

10:5117.08.2024
0
11783

«Nokia» eltelefonlarynyň muşdagy Wens Palau Fernandes olaryň 3615 sanysyny toplap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu ugurdaky öňki rekord Rumyniýadan Andreý Bibli Argentise degişli, ol 3456 sany «Nokia» kysymly eltelefonlaryny ýygnady.

Wens Palau Fernandes öz gajetlerini Barselonadaky öýünde saklaýar. Ol «Nokia» telefonlaryny 2008-nji ýylda toplap başlady. 2018-nji ýylda onuň bu markadan 700 telefony bardy. Fernandes öz toplumyny beýleki firmalaryň öndüren eltelefonlary hem-de «Nokianyň» satuwa çykarmadyk enjamlarynyň nusgalary bilen dolduryp ugrady.

Häzirki wagtda Fernandesiň toplumynda «Siemens», «NEC», «Motorola», «Blackberry», «Samsung», «HTC», «Apple» ýaly köp kompaniýalaryň eltelefonlary bar. Olaryň arasynda seýrek we tanyşdyrylyş nusgalar hem bar.

Fernandes öz kolleksiýasyny doldurmagy dowam etmekçi. Ol öz toplan eltelefonlaryny muzeý diýip atlandyrýar, sebäbi «Nokia» telefonlaryň 1 müňden gowrak nusgasyny öndürdi, onda bu kompaniýanyň önümleriniň 700 töweregi bar.

Bu barada «vfokuse.mail.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň