Top.Mail.Ru

Ýagşymyradow PFL-iň final tutluşygyny Kasanganaý bilen geçirer

09:5817.08.2024
0
35910

Türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow PFL Gran-prisiniň final tutluşygyny amerikaly Impa kasanganaý bilen geçirer. Bu tutluşygyň ýeňijisiniň 1 million amerikan dollary möçberindäki baş baýraga mynasyp boljakdygyny ýatladýarys.

Mundan ozal Golliwud şäherinde (ABŞ) geçirilen PFL 8 ýaryşynda Ýagşymyradowyň awstraliýaly Rob Uilkinsony eminleriň biragyzdan gelen netijesi bilen (30-27, 30-27, 30-27) ýeňendigini ýatladýarys. Şeýlelikde, ol PFL-de bassyr üçünji ýeňşini gazandy.

Ýagşymyradowyň garşydaşy Impa Kasangaý bolsa ýarymfinal tutluşygynda eminleriň gelen karary bilen (29-28, 29-28, 30-27) Joşua Silweýruny ýeňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň