«Ahal» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň üçünji aýlawyna ýeňiş bilen başlady. Topar 19-njy tapgyryň çäginde şu gün paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Aşgabady» 3:0 hasabynda ýeňdi. Bu barada TFF resmi saýtynda habar berýär.
Duşuşykda «Ahalyň» gollaryny Meýlis Diniýew, Elman Tagaýew we Hakmuhammet Bäşimow dagylar geçirdiler.
Bu ýeňişden soň «Ahal» utugyny 37-ä çykaryp, ikinji orundaky «Altyn asyr» bilen deňleşdi. AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama duşuşygyna gatnaşmak üçin Hindistana gidendigi sebäpli, «Altyn Asyryň» 19-njy tapgyrda «Merw» bilen geçirilmeli duşuşygynyň başga güne süýşürilendigini ýatladýarys.
16 utukly «Aşgabat» bolsa ýaryş tertibiniň altynjy basgançagynda galdy.
Ertir, 17-nji awgustda 19-njy tapgyryň ýene-de iki duşuşygy geçiriler. Olarda «Arkadag» «Şagadamy», «Nebitçi» bolsa «Köpetdagy» kabul eder.