Top.Mail.Ru

«Ýaşlar we parahatçylyk» atly diwarlyklaryň bäsleşiginiň türkmenistanly ýeňijileri yglan edildi

12:1416.08.2024
0
8516

Bütindünýä ýaşlar güni mynasybetli Ýaponiýa hökümetiniň goldawy bilen başy başlanan bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde bellenilýän habara görä, oňa jemi 30-a golaý iş gatnaşdy.

Işler tema görä bahalandyryldy. Olarda döredijilik we özboluşlylyk, kompozisiýalar we dizaýn, şeýle hem tehniki ýerine ýetirilişi göz öňünde tutuldy.

Habarda bellenilişi ýaly, 14 ýaşdan 18 ýaşa çenli derejede türkmenbaşyly Arslan Işmetow ýeňiş gazandy, ikinji orny Laçyn Ataýewa (Aşgabat ş.), üçünji orny Medine Myratberdiýewa (Aşgabat ş.) gazandy.

18 — 24 ýaş aralygynda birinji orny Selbi Aşyrberdiýewa (Aşgabat ş.), ikinji orny Aýsapar Gurbanowa (Ahal welaýaty), üçünji orny Yslam Saryjaýew (Aşgabat ş.) gazandy.

24 ýaşdan 35 ýaşa çenli derejede birinji orna Bagdagül Temimowa (Aşgabat ş.), ikinji orna Umar Orazbaýew (Daşoguz ş.), üçünji orna Wýaçeslaw Saharow (Aşgabat ş.) mynasyp boldy.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 23-nji awgustda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda geçiriler diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň