Top.Mail.Ru

TÝL ― 2024: 19-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler

20:4715.08.2024
0
8558

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi web saýtynda milli çempionatyň Ýokary ligasynyň 19-njy tapgyrynyň duşuşyklary barada maglumatlary paýlaşdy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, tapgyrda «Ahal» «Aşgabady», «ARKADAG» topary «Şagadamy», «Nebitçi» bolsa «Köpetdagy» kabul eder. «Altyn asyr» bilen «Merwiň» arasyndaky duşuşyk bolsa başga bir güne geçirildi. Tapgyryň ilkinji duşuşygy ertir ― 16-njy awgustda geçiriler.

Aşakda tapgyryň duşuşyklarynyň geçiriljek ýerleri, başlanjak wagty we eminleri barada maglumatlary paýlaşýarys:

“Ahal” – “Aşgabat”

Geçirilýän ýeri: “Nusaý” (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:30

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

17.08.2024 ý. (şenbe)

“ARKADAG” – “Şagadam”

Geçirilýän ýeri: “Nusaý” (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:30

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Şanazarow (Ýolöten ş.), K.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

“Nebitçi” – “Köpetdag”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” (Balkanabat ş.)

Başlanýan wagty: 18:00

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň