Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Indoneziýa Garaşsyzlyk gününi täze paýtagtda baýram etmekçi

17:3915.08.2024
0
6777
Indoneziýa Garaşsyzlyk gününi täze paýtagtda baýram etmekçi
Surat: rg.ru

Indoneziýa täze taryhy waka taýýarlyk görýär: 17-nji awgustda bellenjek Garaşsyzlyk güni Jakartada däl-de, ýurduň täze paýtagty Nusantarada baýram ediler.

Taryhy wakanyň öňüsyrasynda ýurduň Prezidenti Joko Widodo ýolbaşçylardyr meşhur adamlar bilen täze paýtagta motosikl sürüp geldi diýip, «Indonesian President Palace» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Prezident Joko Widodo 2019-njy ýylda ilatyň artmagy bilen baglylykda, paýtagty Jakartadan Kalimantan adasyna göçürmek başlangyjyny öňe sürüpdi. 2022-nji ýylda badalga berlen bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin 32 mlrd dollar sarp edildi we ol 2045-nji ýylda doly gurlup tamamlanar.

Nusantaranyň döredilmeginiň sebäpleriniň biri-de, Jakartanyň topragy barha aşak çökýär. Şäheriň köp bölegi eýýäm Ýawan deňziniň derejesinden pese düşüp, häli-şindi sil joşgunlaryny başdan geçirýär. Hünärmenler ýene 25 ýyldan 11 million ilatly Jakartanyň demirgazyk böleginiň suwuň astyna gitmek ähtimallygy barada çaklaýarlar. Galyberse-de, Jakartada ilatyň we ulaglaryň çakdanaşa artýandygy bellenýär. Nusantara bolsa, ekologik taýdan arassa we ýokary tehnologiýaly diýip, häkimiýetler nygtaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň