Italýan we Ýewropa aşhanasynyň tagamlaryny hödürleýän «Ilatly» restorany hemmeleri ýakymly we şadyýan ýekşenbe ertirlik naharyna çagyrýar. Bu çäre 18-nji awgustda sagat 10:00-dan 13:00-a çenli dowam eder.
Restoranyň myhmanlary bary-ýogy 75 manat bilen dürli tagamlardan doly şwed stolundan lezzet alyp bilerler. Şeýle-de bolsa, bu çäräniň esasy gyzykly ýeri ýaşajyk myhmanlar üçin ýörite taýýarlanylan programmadyr.
Çagalara sagat 11:00-dan 12:00-a çenli dowam etjek «Özüň aşpez: Burger taýýarla» atly ýaşajyk aşpezleriň ussatlyk sapagyna gatnaşmak teklip ediler. Tejribeli aşpeziň ýolbaşçylygynda çagalar hakyky burgeri bişirmegi öwrenip, ondan lezzet alarlar.
Çagalar programmasynyň iň täsin pursady bolsa her bir çaga ýatdan çykmajak täsirleri wada berýän gorillanyň keşbindäki lybasly animatoryň gatnaşmagyndaky tomaşa bolar.
Entegem, bu gyzykly tomaşanyň hemmesi däl!
«Ilatly» restoranynyň wekilleri hem restoranyň her ýekşenbe güni dürli ussatlyk sapaklaryny geçirmegi meýilleşdirýändigini habar berdiler.
«Ilatly» restoranyna gelip, bütin maşgalaňyz bilen ýatdan çykmajak pursatlaryň eýesi boluň!
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Änew şäheri, Gurbansoltan köçesiniň ugry;
- telefon belgisi: (+993 65) 65 01 41;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.