Turkmenportal logo
14.08.24
91529152
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gollandiýaly aýakýalaňaç 3,5 müň kilometr ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy
Surat: report.az

Gollandiýaly uruş weterany Anton Notenbom 175 günde 3450 kilometri aýakýalaňaç geçip, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada «NL Times» habarlar portalyna salgylanýan «Report» ýazýar.


Rekord Amerikanyň Missuri ştatynyň Sent-Luis diýen ýerinde hasaba alyndy. Öň bu ugurdaky üstünlik polşaly Pawl Durakewiçe degişlidi (Fransiýanyň we Ispaniýanyň içi bilen 3,409,75 km).


37 ýaşly Notenbomyň ýene 1700 kilometri Nýu-Ýorka çenli aýakýalaň geçmekçidigi aýdylýar. Ol 2-nji noýabrda Taýms-skwer meýdanyna barmakçy.


Gollandiýalynyň syýahaty 17-nji fewralda Kaliforniýadaky Santa-Monikada badalga aldy. Onuň baş maksady Los-Anjelesden Nýu-Ýorka çenli aýakýalaň ýöremekdir. Notenbomyň wekilleri onuň ýadandygyny we gyzgyn ýollarda ýöräp, aýaklarynyň gabarçyk bolandygyny aýdýarlar. Syýahatçynyň ýöreýän ugrunda howanyň derejesi Selsiý boýunça gündizlerine 35 gradusa ýetýär diýlip, habarda bellenýär.