Top.Mail.Ru

13-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:1313.08.2024
0
8893

Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy, Türkmenistanda Hazar deňziniň güni dabaraly ýagdaýda bellenildi, türkmen sazandalary üç halkara festiwalynda çykyş ederler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ýapon Hökümetiniň ýolbaşçysyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Söhbetdeşligiň başynda Kisida telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek baradaky teklibi goldandygy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirdi hem-de Astana şäherinde 9-njy awgustda geçirilmegi meýilleşdirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitiniň we ikitaraplaýyn duşuşygyň yza süýşürilmeginiň Ýaponiýada bolup geçen güýçli ýertitreme bilen baglydygyny aýtdy. Öz gezeginde, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýada bolup geçen ýertitreme baradaky habary gynanç bilen kabul edendigini belledi.

2. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Dabara Hazarýaka döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat dabaranyň esasy wakasy boldy. Maslahatyň dowamynda Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda ekologiýa, ykdysadyýet we jemgyýetçilik pudagyndaky hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

3. Awgust aýynda Türkmenistandan döredijilik wekiliýetleri üç sany iri halkara aýdym-saz festiwalyna gatnaşarlar. 25-nji awgustda Berlinde «Young Euro Classic» festiwalynda ýaş türkmen sazandalary milli saz gurallaryny tanyşdyrarlar we döwrebap usulda gaýtadan işlenen sazlary ýerine ýetirerler. 25 – 30-njy awgust aralygynda Samarkantda XIII «Şark Taronalary» atly halkara festiwaly we 17 – 31-nji awgust aralygynda bolsa Astrahanda «Hazar möwsümleri» festiwaly geçiriler, oňa Hazarýaka döwletleriniň simfoniki orkestri, şol sanda Türkmenistandan sazandalar çykyş eder.

4. Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda söwda-dynç alyş işewürlik toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Gurujy ýerli telekeçileri söwda, dynç alyş we iş üçin mümkinçilikleri özünde jemleýän bu köpugurly desganyň paýly gurluşygyna gatnaşmaga çagyrýar. Täze toplum üç gatdan we mansardadan (üçekden) ybarat bolar. 0-njy gatda fitnes zaly, ammarlar, şeýle hem çagalar üçin güýmenje-okuw zolagy ýerleşer. 1-nji gat dükan zolaklary, şol sanda söwda meýdançalary we kofe dükany üçin bölünip berler. 2-nji gatda iş otaglary we naharhana zolaklary ýerleşdiriler. Toplum Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde gurlar.

5. Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň Baş sekretariatynyň Hukuk gullugyna Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň tassyklanýandygyny habar berýän Teswirnamany gowşurdy.

Dünýäde

6. Hytaýyň «Realme» kompaniýasy täze tizlik rekordyny goýup biljek innowasion smartfona zarýad beriş tehnologiýasyny tanyşdyrdy. Täze enjam «SuperSonic Charge» diýlip atlandyrylýar we 320 watta çenli zarýad beriş kuwwatyny üpjün edýär. Öndürijiniň bellemegine görä, bu tehnologiýa gabat gelýän enjama bary-ýogy 35 sekuntda 0-dan 17%-e çenli zarýad bermäge mümkinçilik döredýär.

7. Gresiýanyň Attika sebitinde çalt ýaýraýan tokaý ýangynlary sebäpli ýedi ilatly nokat howp astynda galdy. Ýangyn geçen ýekşenbe güni Warnawas obasynyň golaýynda ýüze çykdy we örän tiz güýçlendi. Howpsuzlyk maksady bilen, häkimiýetler taryhy Marafon şäheriniň ýaşaýjylaryny eýýäm ewakuasiýa etdiler. Afinynyň eteginde ot bilen hakyky söweş boldy – 400-den gowrak ýangyn söndüriji ýangynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ähli tagallalary edýär.

Sport habarlary

8. Türkmenistandan 14 ýaşly tennisçi gyz Ilima Guseýnowa Malaýziýada geçirilen ýetginjekleriň arasynda halkara ýaryşynyň jübütleýin tapgyrynda kümüş medala mynasyp bolmagy başardy. Guseýnowa eýranly türgen Hana Şabanpur bilen bilelikde bir jübütde çykyş etdi. Ýaryşyň finalynda türkmen-eýran jübüti indoneziýa-nepal jübütinden 3:6, 5:7 hasabynda asgyn geldi. Ýekelikde Guseýnowa çärýek finala çykyp, Tailandyň wekilinden ýeňildi. Ilima Guseýnowa Türkmenistanyň birinji raketasydyr we 14 ýaşa çenli Aziýanyň iň gowy dört tennisçisiniň biridir. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowyň ýolbaşçylygynda «Aşgabat» tennis akademiýasynda tälim alýar. Bu ýyl türgen halkara ýaryşlarynda eýýäm üç medal gazandy.

9. «Aşgabat» futbol topary Birleşen Arap Emirliklerindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlady. Topar bu ýerdäki ahyrky ýoldaşlyk duşuşygynda ýerli «FC Elite Falcons» futbol toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşyk toparyň milli çempionatyň üçünji aýlawyna taýýarlygynyň ahyrky tapgyry boldy. Indi Türkmenistana gaýdyp geljek topar Ýokary liganyň 19-njy tapgyrynda 16-njy awgust güni myhmançylykda «Ahal» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň