Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar Mesopotamiýanyň toýun tagtajyklarynda geljek barada çaklamalary tapdylar

17:1512.08.2024
0
8065
Alymlar Mesopotamiýanyň toýun tagtajyklarynda geljek barada çaklamalary tapdylar
Surat: regnum.ru

Wawilon döwrüniň gadymy toýundan edilen tagtajyklarynda dürli ölüm howply elhenç bilgiçlik duýduryşlary ýazylypdyr. Bu barada «Live Science» portalyna salgylanýan «Regnum.ru» neşiri ýazýar.

London uniwersitetiniň professory Endrýu Jorj we garaşsyz ylmy barlagçy Junko Taniguçi ahyry gadymy şumet-akkad sinehatlaryny okamagy başardylar, olar mundan ýüz ýyl öň Yragyň çäginden tapylan toýun tagtalaryň ýüzüne beýan edilipdir.

Tapyndylaryň öz ýaşy bolsa, 4 müň ýyla deň bolup, Mesopotamiýanyň iri şäherleriniň biri bolan Sippar şäherinde ele salnypdyr. Toýun tagtalar häzir Britan muzeýinde saklanýar, emma oňat ýagdaýdadygyna garamazdan, olary henize çenli okamak başartmaýardy.

Alymlar tapyndylaryň ýüzündäki ýazgylaryň adamzadyň taryhynda Aý batmagy bilen bagly iň irki ýazuwlardygyny belleýärler. Olary ýazanlar bilgiçlik üçin köpdürli tebigy hadysalardan, mysal üçin, kölegeleriň hereketinden, Aý batmagynyň wagtyndan we dowamlylygyndan ugur alypdyrlar. Wawilonyň ýaşaýjylary Aýyň batmagy öňde boljak dürli derejeli ölüm howply wakalary, hökümdarlaryň ölümini, ýokanç keselleri we şäherleriň ýumrulmagyny duýdurýar diýip ynanypdyrlar.

Alymlar Mesopotamiýanyň ýaşaýjylarynyň geljegi gorag däp-dessurlarynyň kömegi arkaly özgerdip boljakdygyna ynanypdyrlar diýip, belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň