Top.Mail.Ru

Süleýman Muhadow «Alaýyň» düzüminde ilkinji resmi duşuşygyna çykdy

11:5510.08.2024
0
11814

Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow Gyrgyz Respublikasynyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň çäginde «Alaý» toparynyň düzüminde ilkinji gezek resmi duşuşyga çykdy. «Alaý» bu tapgyrdaky duşuşygy «Dordoý» bilen geçirdi. Muhadowyň täze toparyndaky ilkinji resmi duşuşygy 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. «Eldik Klassiko» ady bilen meşhur bolan bu duşuşyk 7-nji awgustda geçirildi.

Öňräk «Alaý» Muhadowyň topar bilen şu möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşandygyny habar berdi. Hüjümçi möwsümiň birinji ýarymyny «Abdyşatanyň» düzüminde geçirip, dört gezek tapawutlandy.

Yzda galan 16 tapgyrdan soň Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda 43 utukly «Abdyşata» birinji orny eýeleýär. Ikinji orundaky «Dordoýyň» 38, üçünjilikdäki «Muras Ýunaýtediň» 30, dördünji orundaky «Alaýyň» bolsa 27 utugy bar.

«Alaý» indiki tapgyrda 12-nji awgust güni «Oşmu-Aldiýeri» kabul eder. «Abdyşata» bolsa 13-nji awgustda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň saýlama duşuşygyna gatnaşýandygy üçin 17-nji tapgyryň duşuşygyny başga günde geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň