Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil»: köpdürli süýjülikleri täze kesim görnüşinde hödürleýär

11:5210.08.2024
0
11897

«Zyýat Hil» konditer önümleri dükanlarynyň tory kesilen görnüşdäki süýjülikleriň giň assortimentini hödürleýär. Dükanlaryň tagamnamasyndan bento-tortlary, musso desertleri, traýfllary, pirožnylary, ekler süýjüliklerini we başga-da köp görnüşli tagamlary tapyp bilersiňiz.

«Zyýat Hil»-iň kesim görnüşli süýjülikleri — bitin torty alyp iýmegiň ýerine halaýan süýjüliginden bölekleýin, kesim görnüşinde dadyp lezzet almak isleýänler oňaýly görnüşdir. Bu uly bolmasa-da, sowgatlyk üçinem göwnejaý bolup biler.

Kesilen görnüşli süýjülikleri sargyt etmek — furşetleri ýa-da kokteýlleri guramak üçin ajaýyp çözgütdir. Diňe bir iýmek üçin oňaýly bolman, eýsem tagamlarynyň we göwrümleriniň köp sanly görnüşine görä özboluşly atmosferany döretmäge-de mümkinçilik berýär. Siz musso, kremli we ir-iýmişli desertleri birleşdirmek bilen, myhmanlaryňyzyň göwnünden turjak ajaýyp kompozisiýany döredip bilersiňiz.

Bu konditer dükanlary torunyň 150 manatdan az bolmadyk möçberde sargyt edilen ýagdaýynda müşderilere Aşgabat şäheriniň we Gökdepe etrabynyň çäklerine süýjülikleri tölegsiz eltip berýändigini ýatladýarys.

Habarlaşmak üçin:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly , 254-nji jaý, habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň