Türkmenistanyň Seuldaky ilçisi Begenç Durdyýew 8-nji awgustda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň esasy binasynda geçirilen "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" Hyzmatdaşlyk forumy sekretariatynyň 15-nji ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisine gatnaşdy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçilerinden we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Demirgazyk-Gündogar we Merkezi Aziýa işleri boýunça bölüminiň baş müdirinden ybarat bolan ýerine ýetiriji komitetiň agzalary, şu ýylyň güýzünde Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýän 17-nji Hyzmatdaşlyk forumyny geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, duşuşyga gatnaşyjylar geçiriljek forumyň gün tertibine degişli meseleleri, şeýle hem 2025-nji ýyl üçin "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" forumunyň iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynyň web-saýtynda habar berilýär.