Top.Mail.Ru

Ýaponiýanyň Kýusýu adasynda ýer titredi: köçelerde ýolyşyklar yrandy

09:3809.08.2024
0
6026
Ýaponiýanyň Kýusýu adasynda ýer titredi: köçelerde ýolyşyklar yrandy
MIR 24

Ýer aýagyň astyndan gidýän ýaly boldy, edara işgärleri stollaryň aşagynda gizlendiler, köçelerde ýolyşyklar we ýol belgileri yrandy. Ýaponiýanyň günorta-günbataryndaky Kýusýu adasy güýji 7,1 bala deň bolan ýer yranmasyny başdan geçirdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ýer sarsgynynyň ojagy ummanyň 30 kilometrlik çuňlugynda hasaba alyndy, netijede, kenara boýy bir metrlik tolkunlar urdy. Ýer titremesini ýaponlar adadan uzakda hem duýdular. Adanyň ýaşaýjylary bolsa, näme etjekdiklerini bilmediler: köçä gaçmalymy ýa-da yraň atýan jaýlarda galmalymy?

Demirýolçular tiz ýöreýän otlularyň hereketini sakladylar. Ejir çekenler barada habar berilmeýär.

Ýaponiýalylara Nankaý jaýrygynyň etrabynda güýçli ýer yranmasynyň bolmak ähtimallygy barada duýdurdylar. Bu barada ýerli meteorologik gullugyna salgylanýan TASS habar berdi. Öň bu etrapda iň güýçli ýer yranmasy 1946-njy ýylda bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň