Türkmenistanly ýarymgoragçy Ruslan Mingazow düýn Gonkongyň «Kitçisiniň» esasy düzüminde Ispaniýanyň «Atletiko Madrid» topary bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyk Madrid şäheriniň toparynyň 6:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykda Mingazow esasy düzümde meýdana çykdy we 80 minutlap oýunda galdy. «Soafscore» tarapyndan oýnuna 6,7 ball berlen türkmenistanly ýarymgoragçy duşuşygyň iň gowy oýunçylarynyň arasynda dördünji orny eýeledi. Duşuşykda iň gowy oýunça 7,2 ball berdildi. Ol duşuşykda «Kitçiniň» geçiren ýeke-täk golunyň awtory bolan özbegistanly hüjümçi Şerzod Temirowdyr.
33 ýaşly Mingazow duşuşykda 15 pas berdi. Olaryň ählisi netijeli bolup, oýunçy 100 göterimlik netije görkezdi.