Turkmenportal logo
08.08.24
71247124
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen tennisçisi Malaýziýadaky halkara ýaryşda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Türkmen tennisçisi Malaýziýadaky halkara ýaryşda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa Malaýziýanyň Negeri-Sembilan ştatynyň Bandar-Baru-Enstek şäherinde geçýän «Selangor Asian 14 & Under Grade A Tournament (Southeast Asia)» atly halkara tennis ýaryşyna şowly başlady.


Ol ýekelikdäki duşuşyklaryňbirinji aýlawynda Koreýa Respublikasyndan bolan garşydaşyny — Seohýeon Kimi 1:6; 7:5; 6:3 hasabynda ýeňdi.


Ikinji aýlawda Maldiwlerden Naba Nishany 4:6; 7:5; 6:2 hasabynda ýeňen zehinli ýetginjek ýekelikdäki ýaryşyň çärýekfinalynda çykyş etmäge hukuk gazandy.


Ilima jübütleýin ýaryşda eýranly Hana Shabanpour bilen bilelikde çykyş etdi. Bu jübüt ýaryşyň ikinji raundynda degişlilikde Malaýziýadan hem-de Maldiwlerden bolan Adani Raihan Muhammad Azhari bilen Naba Nishany 6:2; 6:3 hasabynda ýeňmegi başardy.


Ýaryşa Aziýadan zehinli ýaş tennisçileriň 64-si gatnaşyp, şolaryň 32-si oglanlar, ýene 32-si bolsa gyzlardyr.