Özbegistanyň Buhara şäherinde «Gawun baýramy» atly her ýyl geçirilýän festiwal dowam edýär. Baýramçylyk Abu Ali ibn Sina seýilgähinde guraldy diýip, ýurduň Oba hojalyk ministrligine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Baýramçylyk 26-njy gezek geçýär. Oňa Buhara oblastynyň ähli sebitlerinden daýhanlaryň 376 sanysy gatnaşýar, olar festiwala gawun-garpyzyň 1335 tonnasyny getirdiler.
Çäräniň çäklerinde Respublikanyň agro-jahankeşdelik mümkinçilikleri görkezilýär, halk oýunlarydyr konsertler guralýar.
Şu gün – 8-nji awgustda festiwalyň ýapylyşynda oňa gatnaşyjylara oblastyň ýolbaşçylary tarapyndan ýörite baýraklar gowşurylar.
Geçen ýyl festiwal Döwlet taryhy-binagärlik muzeý-goraghanasynyň çäginde geçirilip, gawunyň 30 sorty sergilendi diýlip, habarda bellenýär.