Top.Mail.Ru

Türkmenistan Moskwada geçiriljek III Halkara çagalar medeni forumyna gatnaşar

09:4308.08.2024
0
8037

Türkmenistanly çagalar 22-nji awgustdan 24-nji awgust aralygynda Moskwadaky Pionerler köşgünde geçiriljek III Halkara çagalar medeni forumyna gatnaşar.

Foruma 2 müňden gowrak çaga gatnaşar diýip, Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri Olga Lýubimowanyň Metbugat ýygnagynda eden çykyşyna salgylanyp, TASS habar berdi.

«Halkara çagalar medeni forumy 22-nji awgustda gaýtadan dikeldilen we abatlaýyş işleri geçirilen soň şol gün açyljak Pionerler köşgünde geçiriler. Bu ýyl foruma Russiýa Federasiýasynyň 89 sebitinden 2 müňden gowrak çaga geler, şeýle hem daşary ýurtlardan myhmanlar bolar» diýlip, ministriň sözleri getirilýär.

Ministriň bellemegine görä, Hindistandan, Müsürden, Serbiýadan, Belarusdan, Abhaziýadan, Günorta Osetiýadan, Bosniýa we Gersegowinadan, Hytaýdan, Braziliýadan, Prednestrowýadan, Siriýadan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Iordaniýadan we Liwiýadan çagalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Foruma 12 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky ýetginjekler gatnaşyp bilerler. Forumyň çäginde 60 töweregi çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň