Jogapkär prodýuser Raýan Kondal «Aždarhanyň öýi» serialynyň 4-nji möwsüminiň iň ahyrky möwsüm boljakdygyny tassyklady diýip, «Variety» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Kondal dört möwsümiň ýazyjy Jorj Martiniň «Alaw we gan» atly kitabynda gürrüň berilýän wakalary jemlemek üçin ýeterlik boljakdygyny nygtady. Häzirki wagtda üçünji möwsümiň ssenarisiniň üstünde işlenilýändigini habar beren prodýuser onuň 2025-nji ýylyň başynda önümçilige goýberiljekdigini aýtdy. 3-nji möwsümiň başlangyç wakasy ýazyjy Martiniň kitabynda gürrüň berilýän iň uly göwrümli söweş hakda bolar.
«Aždarhanyň öýi» Jorj Martiniň kitaplary esasynda öň döredilen meşhur «Tagtlaryň oýny» serialyna çenli wakalar baradadyr. Onda Targariýenleriň nesilşalygynyň pese gaçyşy hakynda gürrüň berilýär.
Serialyň ikinji möwsümi 16-njy iýunda «Max» onlaýn-kinoteatrda görkezilip başlandy.