Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly tennisçiler Malaýziýada Aziýanyň çempionatyna gatnaşýarlar

14:1706.08.2024
0
7751

Türkmenistanyň tennis boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjeklerden ybarat ýygyndysy şu günler Malaýziýanyň Negerii-Sembilan ştatynyň Bandar-Baru-Enstek şäherinde geçirilýän «Selangor Asian 14 & Under Grade A Tournament (Southeast Asia)» atly halkara tennis ýaryşyna gatnaşýar.

Bu ýaryşda türkmenistanly türgenleriň 10-sy ýaryşar. Olara Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, Aşgabat tennis akademiýasynyň tälimçisi Mirali Gasanow tälim berýär. Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistandan zehinli türgen Ilima Guseýnowa hem bolup, onuň reýtinginiň ýokarydygy sebäpli, çykyş etjek gyzlaryň sanawynyň başynda ýerleşendigi bellärliklidir.

Ýeri gelende aýtsak, ýaryşa Aziýadan zehinli ýaş tennisçileriň 64-si gatnaşyp, şolaryň 32-si oglanlar, ýene 32-si bolsa gyzlardyr.

Ýaryş 10-njy awgusta çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň