Top.Mail.Ru

Awazadaky «Soltan» restorany gaýtalanmajak deňiz gözelligini we romantik gurşawy hödürleýär

11:0506.08.2024
0
12114

Awazadaky «Soltan» restorany myhmanlaryna ajaýyp aşhanalaryň we Hazar deňziniň täsin görnüşleriniň özboluşly sazlaşygyny hödürleýär.

Restoranyň oňaýly ýerde ýerleşmegi myhmanlara diňe bir lezzetli tagamlardan däl, eýsem arassa deňiz howasyndan hem lezzet almaga mümkinçilik berýär. «Soltanyň» tagamnamasynda Ýewropa we türk naharlarynyň köpdürli görnüşleri bar.

Restoran myhmanlara amatly bolmagyny nazarda tutup, dürli hili gurşawlary saýlap almagy teklip edýär: esasy zal, deňiz görnüp duran açyk eýwan hem-de özbaşdak dynç almak isleýänler üçin aýratyn burçlar. Bu köpdürlilik islendik pursat üçin — romantik agşamlyk naharyndan başlap, maşgala baýramçylygyna çenli iň gowy atmosferany döretmäge mümkinçilik berýär.

«Soltan» restoranynyň her gününiň atmosferasy DJ tarapyndan aýdym-saza, şowhuna beslenýär, bu bolsa myhmanlaryň dynç almagy üçin özboluşly fony döredýär.

Restoran her gün sagat 8:00-dan 23:00-a çenli işleýär. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Telefon belgileri: +993 (64) 69 44 44, +993 (243) 5 90 99, +993 (243) 5 90 80, +993 (243) 5 90 70, +993 (243) 5 90 60, +993 (243) 5 90 50.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň