Top.Mail.Ru

5-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:5705.08.2024
0
10592

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy, gollandiýaly kompaniýalar Türkmenistana oba hojalyk saparyny taýýarlaýarlar, «Türkmenistan» awiakompaniýasy möwsümleýin uçuş tertibini täzeledi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri synlady. Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalara birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişlerini girizdi. Saparyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri özüniň zähmet rugsadyna gidýändigini aýtdy we Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamasynyň ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

2. Gollandiýaly kompaniýalar türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň iýun aýynda Amsterdama üstünlikli amala aşyran saparyna jogap edip, Türkmenistana oba hojalyk saparyny guramagy meýilleşdirýärler. Göz öňünde tutulýan saparyň esasy iş ugry ýaşyl ýyladyşhanalar, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar we däneli ekinler bilen baglanyşykly bolar.

3. «Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň 1-nji awgustyndan güýje girýän möwsümleýin halkara we içerki uçuşlaryň täze tertibini hödürledi. Täze meýilnama laýyklykda, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 13 halkara ugry boýunça yzygiderli gatnawlary amala aşyrar. Iň köp uçuşlar Moskwa we Stambul şäherlerine meýilleşdirilýär. Şeýle hem beýleki meşhur ugurlaryň hatarynda Dubaý, Deli, Pekin we Bangkok şäherleri bar. Ýewropa ugurlary boýunça Londona, Frankfurta we Milana gatnawlary belläp bolar.

4. Içerki gatnawlaryň tertibi Aşgabatdan Daşoguz, Türkmenabat, Mary, Türkmenbaşy we Kerki şäherlerine gündelik uçuşlary öz içine alýar. Şeýle hem Daşoguzdan, Marydan we Türkmenabatda Türkmenbaşa yzygiderli gatnawlar ýola goýuldy.

5. Gabaw döwründe Leningradda ýaşan Aşgabadyň ýaşaýjysy Galina Mamedowa 81 ýaşyny belledi. Türkmenistandaky russiýaly diplomatlar onuň öýüne baryp, bu şanly waka bilen gutladylar. Galina Mamedowa Leningradyň gabawyndan halas bolan Aşgabadyň iki ýaşaýjysynyň biridir. Şu ýylyň ýanwar aýynda oňa Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow tarapyndan «Leningradyň faşistik gabawdan doly azat edilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli» hormat nyşany gowşuryldy.

6. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna baryp gördi. Saparynyň dowamynda ol edara sowgat hökmünde birnäçe gymmatly neşirleri gowşurdy. Sowgat berlen kitaplaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň medeni merkezi tarapyndan Aşgabatda neşir edilen 15 golýazmany öz içine alýan iki tomdan ybarat kitap bar. Mundan başga-da, Rasuli kitaphana 10 000 sözden ybarat bolan pars-türkmen sözlügini, türkmençe-parsça gepleşik kitabyny we 30 sany gadymy pars ertekileriniň ýygyndysyny sowgat berdi.

Dünýäde

1. Türk gözlegçilerinden yabarat topar italýan parfýumeriýalary bilen hyzmatdaşlykda «Telinum» ady bilen tanalýan Ýuliý Sezaryň meşhur atyryny gaýtadan dikeltdiler. Atyryň düzümini gaýtadan dikeltmek üçin alymlar gadymy çeşmelere, şol sanda Sezaryň döwürdeşleriniň ýazgylaryna ýüz tutdular. «Sezaryň atyrynyň» şu ýylyň oktýabr aýynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

2. «Neuralink» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask ikinji hassada hem çipiň üstünlikli oturdylandygy baradaky habary paýlaşdy. «Men bu hakda öwünmek islämok, ýöne ikinji implantant bilen hemme zat gowy geçen ýaly. Signallar köp, elektrodlar köp. Ol örän gowy işleýär» diýip, Mask habar berdi Ikinji näsag hem birinji ýaly, oňurga ýiliginden alan şikesinden ejir çekýär. Operasiýanyň takyk senesi aýan edilmedi. Şeýle hem Mask ýylyň ahyryna çenli ýene sekiz näsaga neýroçipleri ýerleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi.

Sport habarlary

1. Almaty şäherinde geçiriljek ýaşlaryň arasynda tennis boýunça «Roland Garros» ýaryşynyň saýlama tapgyryna taryhda ilkinji gezek türkmen tennisçisi hem gatnaşar. Bu abraýly ýaryşda Türkmenistana Sabrina Rahmanowa wekilçilik eder. Ýaryşyň saýlama tapgyryna Merkezi we Günbatar Aziýanyň 17 ýaşa çenli tennisçi gyzlaryň iň güýçli 16-sy gatnaşar. Sabrina 2025-nji ýylda geçiriljek ýetginjekleriň arasynda Fransiýanyň Açyk çempionatynyň esasy ýaryşyna gatnaşmak üçin bäsleşer.

2. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Geljekki olimpiýaçylary taýýarlaýyş futbol mekdebi 2017-nji ýylda doglan çagalary gözden geçirilişe çagyrýar. Çäre 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Gözden geçiriliş sagat 08:00-dan 11:00-a çenli aralykda geçiriler. Ýaş futbolçylaryň ýanynda sport lybasy, dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy we 3х4 sm ölçegdäki fotosuraty bolmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň