Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Eýran bilen sebitara gatnaşyklary pugtalandyrýar

13:1805.08.2024
0
9459

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly Ylýas Gaýypow Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkiminiň ykdysady işler boýunça orunbasary Hasan Nurizadeh bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar sebitara hyzmatdaşlyk babatda belläp, Mary welaýaty bilen Horasan Rezawi welaýatynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşi hem-de bu gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça gün tertibindäki möhüm ugurlar hakynda pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Maşat şäherindäki diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça barha ösýändigini bellediler. Hususan-da, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň