Top.Mail.Ru

Arhiw

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Myrat Baltaýewiň suratlarynyň sergisi açyldy

11:0805.08.2024
0
9199

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Lebap welaýatynyň sungat mekdebiniň mugallymy, nakgaş, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Baltaýewiň suratlarynyň sergisi açyldy.

Sungat eserleriniň muşdaklarynyň dykgatyna nakgaşyň dürli ýyllarda döreden eserleri hödür edilýär. Muzeýe gelýänler onuň «Amul galasy», «Osty galasy», «Amyderýa», «Güýz», «Ärsary mama», «Miras», «Natýurmort» we beýleki işleri bilen tanşyp bilerler.

Döredijilik işine başlanyndan bäri nakgaş ýüzlerçe eserleri döretdi. Olaryň arasynda Amyderýa bagyşlanana suratlar aýratyn orun eýeleýärler. Ýurdumyzyň günorta-gündogarynyň ençeme asyrlara barabar bolan taryhy bilen baglanyşykly bu gojaman derýa barada ol onlarça eser ýazdy. Onuň ençeme suratlarynda sebitiň taryhy, häzirki döwri, tebigaty, oba durmuşy açylyp görkezilýär. «Myrat bagşynyň kanoniki obrazy», «Magtymguly Pyragy» ýaly birnäçe eserleri meşhur şahslara bagyşlanan. Biziň günlerimize çenli ýetip gelen rowaýatlar hem ony täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy. Onuň dürli temalarda ýazan suratlarynyň içinden watansöýüjilik we ata Watanyna, mähriban sebitine bolan söýgi eriş argaç bolup geçýär.

Myrat Baltaýew 1981-nji ýylda Türkmen döwlet çeperçilik mekdebini, 2004-nji ýylda bolsa Moskwanyň K.G.Razumowskiý adyndaky Tehnologiýa we dolandyryş döwlet uniwersitetiniň şekillendiriş sungaty fakultetini tamamlady. Türkmenistanyň we öňki SSSR-iň suratkeşler birleşmeleriniň agzasy. 1982-nji ýyldan bäri welaýat we ýurt, şonuň ýaly-da halkara derejelerinde geçirilýän bäsleşiklere we sergilere gatnaşyp gelýär. 1991-nji ýylda Çuwaşiýanyň Parefskiý (Russiýa) şäheriniň 400 ýyllygyna bagyşlanan sergi-bäsleşikde onuň eserleri birinji orna mynasyp boldy. Nakgaşyň suratlary Türkmenistanyň Milli muzeýinde, Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Çuwaşiýanyň (Russiýa) döwlet muzeýinde, Moskwa Döwlet uniwersitetiniň muzeýinde, Gazagystanyň sebit muzeýinde saklanylýar. Şonuň ýaly-da, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Belarusyň, Angliýanyň we beýleki ýurtlaryň şahsy kolleksionerleri hem onuň suratlaryny öz kolleksiýalarynda saklaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň