Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BSGG Ýewropada 2000-nji ýyldan bäri çakdanaşa yssy sebäpli pida bolýanlaryň artandygyny habar berdi

11:5903.08.2024
0
10411
BSGG Ýewropada 2000-nji ýyldan bäri çakdanaşa yssy sebäpli pida bolýanlaryň artandygyny habar berdi
Anadolu Ajansı

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) 2000-nji ýyldan bäri howply howa şertleri sebäpli Ýewropa ýurtlarynyň 53-sinde ölümliligiň 30 göterim artandygyny habar berdi. Bu barada guramanyň Ýewropa bölüminiň direktory Hans Klýugeniň resmi beýanatynda aýdylýar diýip, TASS ýazýar.

Resminamada 2000-2019-njy ýyllar aralygynda Ýewropanyň 53 ýurdunda her ýylda 175 müň adamyň yssydan gurban bolandygy aýdylýar. Şunda dünýä boýunça görkeziji 489 müň adam bolup, Ýewropa onuň 36 göterimi degişlidir.

Ýaşy 65-den ýokary bolanlaryň arasynda 2000-2004 we 2018-2022-nji ýyllarda yssy howa bilen bagly ölümliligiň 85 göterim artandygy hasaba alyndy.

Sebitde howanyň temperaturasy ortaça dünýä görkezijisinden iki esse çalt gyzýar.

Klýuge howply yssy howa netijesinde ýürek-damar, öýken-dem alyş, psihiki, diabet we beýleki keselleriň ýitileşýändigini sözüniň üstüne goşdy. Şonuň üçin ol bu agzalan ötüşen keselli adamlary öýde salkynlygy saklamaga, kölegede bolmaga, yssy wagtda fiziki agramdan gaça durmaga, bedende suw sazlaşygyny saklamaga, süýji, alkogolly hem-de kofein düzümli içgilerden saklanmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň