Russiýada ýasalan robot enjamy Rubigiň kubigini ýygnamakda täze dünýä rekordyny goýdy, ýagny ol munuň üçin bary-ýogy 0,203 sekunt sarp etdi. Ondan öň ýapon roboty kubigi 0,305 sekuntda ýygnapdy.
Enjamy dörediji Aleksandr Krotow kubigi ýygnamak üçin ýörite robot döredende, elýeterli düzüm böleklerinden, mysal üçin, özbaşdak tehnikalaryň motorlary we oýun enjamlary üçin kameralary ulanandygyny gürrüň berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Deňeşdirmek üçin, adamyň häzirki güne çenli Rubigiň kubigini ýygnamak üçin sarp eden wagty 3,13 sekunda deňdir. Robotyň ony ýygnamak üçin sarp eden wagtynyň dowamynda adamyň beýnisi diňe gören şekilini tanamaga hem-de gözüni gyrpmaga ýetişýär.
Öň rowaýaty kubigi döreden Erne Rubigiň 80 ýaşy doldy. Ol 1974-nji ýylda birinji jadyly oýnawaja patent aldy.