Turkmenportal logo
01.08.24
96409640
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ramzan Kadyrow Şawkat Mirziýoýewiň doglan gününe tohum atlary sowgat berdi
Surat: daryo.uz

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň doglan gününe sowgat hökmünde Çeçen Respublikasynyň Baştutany Ramzan Kadyrow iki sany tohum at sowgat berdi. Bu barada «Darýo.uz» ýazýar.


Kadyrow Telegram-sahypasynda Özbegistanyň döwlet Baştutanynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşandygyny belledi.


24-nji iýulda Şawkat Mirziýoýew öz doglan gününi belledi, ony dünýä liderleriniň hem-de döwlet Baştutanlarynyň köp sanlysy gutlady. Geçen ýylyň maýynda Ramzan Kadyrow Özbegistana sapar bilen bardy, ol Daşkentde öz kakasy – Respublikanyň birinji Prezidenti Ahmat hoja Kadyrow bilen baglanyşykly ýerlere zyýarat etdi.