Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň täze ilçisini kabul etdi

04:1801.08.2024
0
10248

Şu gün, 31-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, diplomat ynanç hatyny gowşuryp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň barşynda ähli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda okgunly ösdürilýän döwletara dialogyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda durnukly ösüşi üpjün etmek, howpsuzlyk we howanyň üýtgemegi ýaly meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga ýardam berýändigi barada aýdyldy.

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň iki ýurduň bu ugurdaky bar bolan mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine goşýan saldamly goşandy bellenildi. «Boeing», «General Electric», «John Deere» «Case New Holland» ýaly iri amerikan kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen birlikde, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýakynda Aşgabatda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylandygy we bu seýilgähde daşary ýurtlaryň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, şol sanda amerikan şahyry Lengston Hýuzyň heýkeliniň oturdylandygy bellenildi.

Diplomat Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň