Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow we Alparslan Baýraktar türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

04:2901.08.2024
0
11954

Şu gün, 31-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklaryň hem-de geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Ol şeýle-de Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Söhbetdeşlikde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi bellenildi. Ýangyç-energetika, magdan önümçiligi, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy hem-de maýa goýumlary ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy barada aýdyldy.

Duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biridigini we Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen gazynyň doganlyk Türkiýe Respublikasyna, soňra Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde «Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakyndaky Jarnama» hem-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilendigi nygtaldy.

Şeýle-de bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň işe girizilmegi türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, agzalan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti türk tarapynyň tekliplerine garamaga we netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda strategik döwletara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň