Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň welaýatlarynyň birnäçe etraplarynyň häkimleriniň orunbasarlaryny, ynanylan wezipäni oňarmandyklary üçin, eýeleýän wezipelerinden boşatdy we olaryň ýerine täze orunbasarlary wezipä belledi. Döwlet Baştutany degişli Kararlara şu gün — 31-nji iýulda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Kararlaryna laýyklykda, hususan-da:
Nurgeldiýew Aýdogdy Geldimämmedowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Döwrangeldi Ezizgeldiýewiç Baýramow bellenildi.
***
Öräýew Mämetgeldi Amanmyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Aşyrmyrat Rejepdurdyýewiç Sapardurdyýew bellenildi.
***
Atakeýew Merdan Tirkeşowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Ataş Myradowiç Oraýew bellenildi.
***
Baýramdurdyýew Gurbandurdy, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Atamurat Otuzbaýewiç Kanjanow bellenildi.
***
Baýramgeldiýew Kuwwatgeldi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Begenç Nobatowiç Bazarow bellenildi.
***
Baýmuhammet Maksatmyradowiç Nurmämmedow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.