Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň energiýa ministri türkmen gazyny satyn almak meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi

16:5530.07.2024
0
11856

Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar türkmen gazyny satyn almak boýunça gepleşikler üçin Aşgabat şäherine geldi.

Bu barada Türkiýäniň habar beriş serişdelerine salgylanyp, «Trend» habar berýär.

«Şu gün, 30-njy iýulda Alparslan Baýraktar «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, energetika ministri Annageldi Saparow we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew bilen gepleşikleri geçirer diýlip, degişli wekiliýetiň düzümindäki žurnalistiň sözleri getirilýär.

Ministr saparyň öňüsyrasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen Eýranyň we Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen gazyny Türkiýä ibermegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Şunda Türkmen gazy Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa hem iberilip bilner. Onuň pikiriçe, Türkmenistandan Türkiýä gaz ibermek üçin infrastruktura uly maýa goýumlarynyň zerurlygy ýok.

«Türkmenistan ilki bilen ýylda 1,5-2,0 milliard kub metr tebigy gaz eksport edip biler. Mart aýynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama we iýun aýynda türkmen gazyny Türkiýä ibermek barada şertnama gol çekildi» diýlip, ministriň sözleri getirilýär.

Şeýle hem ministr Türkiýäniň 2027 — 2037-nji ýyllar aralygynda suwuklandyrylan tebigy gazy satyn almak baradaky şertnamalaryň üstünde işleýändigini we ýakyn wagtda köpçülige mälim ediljekdigini aýtdy.

Türkiye ýylda 50 milliard kub metr gaz sarp edýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň