Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti käbir welaýat we etrap häkimlerine täze orunbasarlary wezipä belledi

00:5730.07.2024
0
15657

Şu gün, 29-njy iýulda oba hojalyk pudagy boýunça geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň käbir welaýatlarynyň hem-de etraplarynyň häkimleriniň orunbasarlaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly degişli Kararlara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Kararlary esasynda:

Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewa, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Tawus Meýlisowna Amanowa bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Arzygül Agamyradowna Orazowa, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Çemen Jumamyrat gyzy Akyýewa bellenildi.

Gülsenem Baýrammyradowna Mämmedowa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Abdyrahman Seýitniýazowiç Babaniýazow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Rahymberdi Hydyrow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň