Soňky habarlar

Arhiw

Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlaryna täze häkim bellenildi

22:3229.07.2024
0
11331

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün geçiren oba hojalyk pudagy boýunça iş maslahatynyň barşynda käbir welaýatlaryň häkimlerini täzeledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminamalara laýyklykda,

Ahal welaýatynyň häkimi Röwşen Jepbargulyýewiç Hojagulyýew, başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Soltanmyrat Akmämmedowiç Soltanmyradow bellenip, ol Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

***

Döwletgeldi Seýidowiç Babaýew Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi. Ol mundan ozal Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň ýolbaşçysy bolup işleýärdi.

***

Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Annagurbanowiç Amangeldiýew, başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Maksat Kowusowiç Annanepesow bellenildi. Ol mundan ozal Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň ýolbaşçysy wezipesinde işleýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň