Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun BAE-niň «Şabab Al-Ahli» toparyna geçdi

10:4429.07.2024
0
7279

Eýranly türkmen asylly futolçy Serdar Azmun «Baýerden» BAE-niň «Şabab Al-Ahli» toparyna geçdi. Bu barada klubuň Metbugat gullugy habar berdi.

Transfer barada jikme-jik maglumatlar berilmedi, ýöne žurnalist Fabrisio Romanonyň habaryna görä, «Baýer» Azmunyň transferi üçin 5 million ýewro alar. «Transfermarkt» Azmunyň transfer bahasyny 8 million ýewro diýip hasaplaýar.

Ýeri gelende bellesek, Serdar Azmun geçen möwsümi kärende esasynda «Romanyň» düzüminde geçiripdi. Ol rim toparynyň düzüminde 3 gol geçirdi hem-de 3 gola assistentlik etdi.

Serdar Azmun Eýranyň milli ýygyndysy üçin 83 oýunda meýdança çykyp, 53 gol geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň